Rowaýatyň mesgeni

2 Awgust 2024
730

Giň meýdany tutýan Daýahatyn kerwensaraýy (il arasynda «Baýhatyn» diýlip atlandyrylýar) gadymy Jeýhunyň çep kenaryndan uzak bolmadyk çäkde ýerleşýär. Ol bir müň ýyla golaý mundan öň Amuldan Horezme alyp barýan Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda, häzirki Türkmenabat şäherinden 170 km demirgazyk-günbatarda bina edilipdir. Bu Türkmenistanda Beýik Ýüpek ýoly boýunça Gündogaryň we Günbataryň arasynda güýçli söwda bolan döwürden has kämil görnüşde saklanyp galan kerwensaraýlaryň biridir. Onuň diwarlary, derwezeleri, toplumlary we gümmezleri çig we bişen kerpiçden gurlupdyr. Kerwensaraý ýerleşiş meýilnamasy boýunça 53 metr bolup, taraplary dörtburçluk görnüşe eýedir. Içerki dört eýwanly howlusynyň daşyny gurşaýan otaglaryň öňünde gaýtalanýan arkaly däliz ýerleşýär.

Daýahatyn kerwensaraýy gala diwarlary bilen emele gelen örän uly gönüburçly howly giňişliginde bina edilipdir. Galanyň burçlarynda hem tegelek minaralar gurulypdyr. Olaryň arasynda peştag böleginden başga-da simmetrik ýerleşdirilen gönüburçly diňjagazlar bar. Arheologik gözlegler onuň diwarynyň IX-X asyrlarda gurlandygyny we «tahyriýa» diýlip atlandyrylan arap köşgüniň galan bölegi bolup durýandygyny kesgitlemäge mümkinçilik berdi.

Oral TEMIROW,
Köýtendag etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy, mirasgär.