Köne Sarahsyň taryhyndan

1 Awgust 2024
578

Diýarymyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerinde gazuw-barlag, rejeleýiş, berkidiş işlerini geçirmäge döwlet tarapyndan möhüm ähmiýet berlip, bu ugurda giň mümkinçilikler döredilýär. Bu işlere Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň, onuň düzüminde hereket edýän goraghanalaryň, ýokary okuw mekdepleriniň alymlary, daşary ýurtly alym arheologlar işjeň gatnaşýarlar.

Köne Sarahs şäheriniň öwreniliş taryhyna nazar aýlasak, Zakaspiý oblastynyň naçalnigi A.Komarow ilkinji gezek XIX asyryň 80-nji ýyllarynda ol ýerden ýerüsti tapyndylary ýygnapdyr. XX asyryň başlarynda akademik W.Bartold bu şähere degişli taryhy çeşmeleri öwrenipdir. Köne şäherde ilkinji gezek gazuw-barlag işlerini 1953-nji ýylda alym A.Maruşenko geçirýär. Şeýlelikde, köne Sarahs şäheri alymlaryň, arheologlaryň üns merkezine öwrülipdir. 1953 — 1957-nji ýyllar aralygynda Günorta Türkmenistan arheologik toplumlaýyn ekspedisiýasynyň XIII topary G.Adykowyň ýolbaşçylygynda bu ýerde barlag işlerini alyp barýar. Şondan soň köne şäheriň merkezi galasynda we şähristanynda öňki TSSR Ylymlar akademiýasynyň Taryh institutynyň Ö.Orazowyň ýolbaşçylygyndaky arheologik ekspedisiýasy gazuw-barlag işlerini geçirdi.

Azat BAÝRAMOW,
«Köne Sarahs» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň ýolbaşçysy.