GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «ÖMRÜMIŇ MANYSYNYŇ DOWAMATY» ATLY ESERINDE TERBIÝÄNIŇ YLMY ESASLARYNYŇ ŞÖHLELENDIRILIŞI

31 Iýul 2024
696

Nesil terbiýesini durmuşynyň özeni hasaplaýan türkmen halky bu ugurdaky köpasyrlyk tejribesini, ýol-ýörelgesini «Çaga eziz, edebi ondanam eziz», «Çagany ýaşdan, edebi başdan», «Edepli ile gerekli», «Adam bir ýaşar, edebi – iki» ýaly onlarça nakyllardyr atalar sözlerinde, rowaýatlarda çugdamlap, geljekki nesillere miras goýupdyr. Gahryman Arkadagymyzyň türkmen ýaşlaryna berýän  her bir sargydynda, öwüt-ündewinde, Watançylyk sapaklarynda, dürdäne kitaplarynda hem edep-terbiýe meselesi aýratyn orun eýeleýär. Milli Liderimiz özüniň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly ajaýyp eserinde edep-terbiýe baradaky oý-pikirlerini çugdamlap, olary ylmy esaslandyrmalary bilen halkymyza ýetirdi.

Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly ajaýyp eseri turuwbaşdan ata Watana, il-güne söýgi, ata-babalarymyzdan miras galan edep-terbiýe mekdebiniň gymmaty dogrusyndaky pikirlere ýugrulandyr. Kitabyň «Terbiýe – bagtyýarlygyň çeşmesi» bölümi bolsa tutuşlygyna edep-terbiýäniň ylmy esaslaryna we halkymyzyň milli garaýyşlaryna, olary utgaşykly ulanmagyň geljekki bagtyýar nesli, sagdyn jemgyýeti kemala getirmekdäki ähmiýetine bagyşlanýar. Gahryman Arkadagymyz kitabyň bu bölüminde halk arasynda giňden belli bolan «Bir ýyl öňüňi görjek bolsaň, däne ýetişdir. On ýyl öňüňi görjek bolsaň, bag ýetişdir. Ýüz ýyl öňüňi görjek bolsaň terbiýeli nesil ýetişdir» diýen pähimi getirmek we oňa seljerme bermek bilen başlaýar. Kitabyň bu bölüminde ýaş nesli geljege taýýarlamak, türkmen nesline bagyş edilen zehinleri oýarmak we peýdalanmak, çagalarda döredijilik terbiýesini kemala getirmek, olary asylly maksada ugrukdyrmak, zehinli çagalary ýagşy işlere höweslendirmek babatdaky jemgyýetiň öňünde durýan möhüm wezipelere üns çekilýär. Gahryman Arkadagymyz bu meseleleriň çözgüdi hökmünde ylmy taýdan esaslandyrylan, filosofiki taýdan giň we çuň manyly pikirleri – kämil nesli terbiýelemegiň ýörelgelerini öňe çykarýar. Bu ugurda özboluşly mekdep, ömür taglymaty bolan ata-babalarymyzyň terbiýe beriş usulyna, milli ýörelgelerimize, halk döredijiligine esaslanmagy, müňýyllyklaryň dowamynda kämilleşip, şu günlere gelen milli terbiýe mekdebimize buýsanmagy sargyt edýär.

Gülharman JORAÝEWA
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň mugallymy.