Magtymgulynyň halallyk ýörelgesi

30 Iýul 2024
674

Türkmen jemgyýetiniň ruhy dünýäsinde bolup geçýän özgerişler örän giň we çuňdur. Her bir jemgyýetiň ruhy dünýäsi onuň ýaşaýşynyň we ösüşiniň wajyp tarapy bolup çykyş edýär. Türkmen jemgyýetinde adam öz hereketlerini milli däp-dessurlar, ahlak gymmatlyklary esasynda ugrukdyran ýagdaýynda üstünlikleri gazanýar. Şu nukdaýnazardan, Magtymgulynyň ynsaply ýaşaýyş taglymatynyň juda zerurlygy ör-boýuna galýar. Milli Liderimiz: «Ynsaply ýaşaýyş raýat jemgyýetiniň, demokratik döwletiň iň ýokary kemala gelmesi bolup durýar» diýip belleýär. Akyldar şahyrymyzyň ynsaply ýaşaýyş paýhasy halallygy haramlyga garşy goýmak başarnygy bilen, adamyň öz gujur-gaýratyna, pähim-paýhasyna laýyk bolan ykbalyna kaýyl bolmagyny hem göz öňünde tutýar. Şahyryň döredijiligi öwrenilende, onuň dünýägaraýyş gapma-garşylygyny birikdirýän ölçegi gözleýän filosofiki garaýşyny aňlamak örän wajypdyr. Şol ölçegi akyldar şahyr özüniň «Adamzat» diýen goşgusynda:

Bu dünýä mülkünde soltandyr, şadyr,
Kysmatyna kaýyl bolsa adamzat

Gurbangözel SAPAROWA,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň uly mugallymy, filologiýa ylymlarynyň kandidaty.