Binýady ynama esaslanýan şokolad imperiýasynyň taryhy

29 Iýul 2024
567

Durmuşda iň esasy zat — ynam. Bu işewürlik babatda hem hut şeýle. Muňa şu günki makalamyzy okanyňyzdan soň, has anyk göz ýetirip bilersiňiz. Eger-de şeýle bolmasa, 17 gezek batan şowsuz kakanyň ogly özi hem iki gezek şowsuzlyga ýüz urandan soňra, dünýäniň iň uly şokolad imperiýasyny döredip bilermidi?! Ol bu zatlaryň ählisini diňe ynamyň güýjüne daýanyp başarypdyr ahyry...

Milton Herşi 1857-nji ýylyň 13-nji sentýabrynda ABŞ-nyň Pensilwaniýa ştatyndaky kiçijek obada dünýä inýär. Onuň çagalygy iň sypaýy görnüşde aýdylanda, kösençlik bilen geçýär. Ilkibaşda olaryň maşgalasynyň maddy ýagdaýy erbet hem bolmandyr. Öz fermalary, ýeterlik düşewüntleri bolupdyr. Kakasynyň dessine baýamak baradaky pikirleri we olary durmuşa geçirmäge eden synanyşyklary Herşileri garyplyga duçar edýär.

Döwletgeldi BALLYÝEW, telekeçi.