Agyz suw arassalaýjy desga

24 Iýul 2024
632

Ozal sözden bina bolan dünýäde ähli zady tämizleýän suw hakda pikir etmedik, megerem, ýok bolsa gerek. Adamzat durmuşynda tämizligiň alamaty hökmünde görülýän suwuň her bir damjasynyň altyna deňelmeginiň özünde hem giň many bar ahyry.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly ajaýyp kitabynda: «Hoşamaý söz, alkyş edil ýagmyr suwy ýalydyr, her bir janly-jandara ýagşy täsir edýändir» diýip, hoşamaý sözde suwuň päkliginiň barlygyny nygtaýar. Il-günümizde suw her bir zady päkleýji, arassalaýjy serişde, diriligiň alamaty hökmünde görülýär.

Çaryberdi REJEBOW.
«Arkadag».