Göwnejaý hyzmat

24 Iýul 2024
569

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary bilen häzirki döwrümizde ýurdumyz barha uly ösüşlere, özgerişlere eýe bolýar. Ähli ugurlar bilen birlikde ulag we aragatnaşyk pudagynda hem ýokary netijeler gazanylýar. Muny biz soňky döwürde halkymyza edilýän ýokary derejeli hyzmatlaryň mysalynda hem görüp bilýäris.

Hormatly Prezidentimiziň Karary esasynda «Lebapawtoulag» önümçilik birleşigine Ýaponiýanyň önümi bolan «Toyota Coaster» kysymly orta synply, «Toyota Hiace» kysymly awtobuslaryň getirilip, şäherara gatnawynyň ýola goýulmagy ildeşlerimiziň buýsanjyna buýsanç goşdy. Şu günler ýokary amatlylykly ulaglaryň welaýatymyzyň ýaşaýjylaryna şäherara we şäherýaka ugurlarynda ir ertirden giçlige çenli hyzmat edip ýörendiklerini görmek bolýar.

Ödegeldi KULYÝEW,
ýörite habarçymyz. Surata düşüren awtor.