Awaza — ajaýyp mekan

23 Iýul 2024
761

Şu günler «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna dynç almaga gelýänleriň sany artýar. Ol şypaly kenary, ynsan saglygyna melhem bolýan ajaýyp howasy bilen her birimiziň ünsümizi çekýär. Gahryman Arkadagymyzyň beýik işlerinden gözbaş alýan we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen özgerdilýän Awaza ildeşlerimiziň dynç alýan arzyly mekanydyr. Häzirki ajaýyp döwrümizde sapaly dynç almaga, saglygyňy berkitmäge ähli mümkinçilikler we şertler döredilendir. Munuň özi her bir ildeşlerimizde ajaýyp döwrümize, beýik ösüşlerimize buýsanjy döredýär.

Awaza gaýtalanmajak gözelligi, döwrebap mümkinçilikleri bilen her birimiziň köňlümizde orun alan mekandyr. Bu ajaýyp mekanda saglygyňy berkitmekde «Awaza» şypahanasy, dynç almak üçin birnäçe myhmanhanalar iň döwrebap görnüşleri, hyzmatlary bilen tapawutlanýar. Hazar deňziniň suwy hem, deňziň howasy hem ynsan saglygyna oňat täsir edýär. Deňiz suwy bedeniň kesellere garşy göreşijilik ukybyny hem ýokarlandyrýar. Bu ýerde dynç alýanlar üçin adam bedeniniň berkidilmegine gönükdirilen fiziobejergileriň toplumyny hödürleýän SPA merkezi, döwrebap naharhanalar göz öňünde tutulandyr. Bir söz bilen aýdylanda, myhmanhanalar dynç almaga gelýänler üçin iň ýokary derejedäki hyzmatlary hödürleýär. Bularyň ählisi bolsa, adam hakyndaky edilýän aladanyň aýdyň beýanydyr.

Öwezmyrat REJEPMYRADOW,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň ýokary derejeli «Gämi» myhmanhanalar toplumynyň we sagaldyş-dikeldiş merkeziniň kabulhana bölüminiň uly administratory.