Asman giňişliginde «Arkadag» ýyldyzy şöhle saçýar

22 Iýul 2024
708

Kanun esasynda döwlet ähmiýetli şäher diýen aýratyn hukuk derejesine eýe bolan Arkadag şäheriniň gurluşygy türkmen halkynyň Milli Lideriniň başyny başlan we häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýän giň gerimli özgertmeleriň aýdyň netijesidir. Milli Liderimiz bilen birlikde bu ajaýyp şäheriň barha meşhurlygy artýar, çawy dünýä dolýar.

Her güni taryhy wakalara beslenýän ajaýyp Watanymyzda ýene-de bir ýatdan çykmajak waka şaýat bolmagymyz biz — ylym-bilim işgärleriniň göwün guşuny asmana göterdi. Ýagny «Kosmos-Ýer» jemgyýeti tarapyndan älem giňişliginde täze asman jisiminiň hasaba alynmagy we ol jisime hem bitiren ägirt uly il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleri üçin Milli Liderimiziň hormatyna «Arkadag» adynyň dakylmagy dünýä alymlar jemgyýetçiligi tarapyndan ýurdumyza goýulýan hormat-sarpanyň örän çäksizdigini äşgär etdi.

Patma AGAGELDIÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymy.