Ekologiýa abadançylygy: geljege gönükdirilen tagallalar

22 Iýul 2024
789

Ýer ýüzünde ýaşaýşyň dowam etmegi, megerem, älem-jahan döräli bäri dowam edip gelýän sazlaşygyň saklanmagyna bagly bolsa gerek. Taryhda «senagatlaşma eýýamy» diýlip atlandyrylýan iki asyra barabar döwürde adamzadyň tebigaty «boýun egdirmäge» ymtylyşy şol sazlaşygyň bozulmagyna sebäp bolup biler. Dünýäde ilatyň artmagy, önümçiligiň ýokarlanmagy, sarp edişiň güýçlenmegi, bir tarapdan, durmuşymyza uly eşretleri eçilýän bolsa, beýleki tarapdan, tebigy baýlyklaryň ölçegsiz peýdalanylmagy howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly kynçylyklary ýüze çykarýar. Emma beýle diýildigi adamzadyň asyrlaryň dowamynda gazanan eşretlerinden ýüz öwürmelidigini däl-de, eýsem, ylmy-tehniki öňegidişlige daýanyp, emele gelen ýagdaýyň çözgüdini tapmagyň wagtynyň gelendigini aňladýar.

Bütindünýä derejesinde daşky gurşawyň abadançylygyny üpjün etmek ugrundaky tagallalar barada gürrüň edilende, ilki bilen, 1992-nji ýylda Braziliýanyň Rio-de-Žaneýro şäherinde bütin dünýäde howanyň üýtgemegine bagyşlanyp guralan sammitde kabul edilen hem-de häzirki wagta çenli 200-e golaý döwlet tarapyndan tassyklanan BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyny bellemelidir. Bu resminama adamyň tebigata ýetirýän zyýanly täsiri netijesinde bütin dünýäde howanyň üýtgemegini göz öňünde tutup, açyk we durnukly ykdysadyýeti döretmek üçin dürli taraplaryň arasynda ylmy we tehniki meselelerde hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilendir. 1997-nji ýylda Ýaponiýanyň Kioto şäherinde BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýasyny durmuşa geçirmek üçin goşmaça resminama — Kioto ylalaşygy kabul edilýär. Ylalaşygyň baş maksady senagat taýdan ösen döwletleri meýletin esasda parnik gazlarynyň atmosfera zyňylmagyny çäklendirmäge borçly etmekden ybaratdyr. 2015-nji ýylyň dekabrynda Fransiýanyň paýtagtynda geçirilen BMG-niň Howa boýunça bütindünýä maslahatynyň netijeleri boýunça Pariž ylalaşygy taýýarlanylyp, oňa 2016-njy ýylyň 22-nji aprelinde 170-den gowrak döwlet tarapyndan gol çekilýär. Bu resminamada Ýer ýüzünde howanyň temperaturasynyň ýokarlanmagyny ortaça 1,5-2°C derejede saklamak göz öňünde tutulyp, esasan, kömürturşy gazynyň zyýanly täsirlerine garşy göreşmäge ähmiýet berilýär.

Orazgeldi GELDIÝEW,
žurnalist.