«Galkynyşda» ýene-de bir guýy önüm berdi

15 Iýul 2024
617

Ýakynda «Türkmengaz» döwlet konserniniň «Türkmengazburawlaýyş» müdirliginiň gazçylary tarapyndan «Galkynyş» gaz känindäki 236-njy belgili ulanyş gaz guýusynda buraw işleriniň 4 müň 563 metr çuňlukda üstünlikli ýerine ýetirilmegi hem-de ýer astynda 4 müň 509 —–4 müň 363 metr aralyklardaky gatlaklarda jemi — 126 metr aralykda geçirilen atyş-partladyş işleriniň netijesinde senagat taýdan ähmiýetli gaz akymy alyndy. Hünärmenleriň hasaplamalaryna görä, ulanyş guýusy her gije-gündizde 2 million 330 müň kub metr tebigy gaz berýär.

Bu işler milli hünärmenlerimiz tarapyndan üstünlikli ýerine ýetirildi. Gazanylan zähmet üstünliginde halypa burawlaýjylar bilen birlikde ýaş gazçylaryň hem uly goşandynyň bolmagy buýsandyryjy ýagdaýdyr. Gaz guýularyny burawlamakda, gurluşygy bilen doly tamamlap, ulanyşa girizmekde gazçylaryň döwletimiz tarapyndan hil taýdan öňdebaryjy tehnologik enjamlar bilen üpjün edilmegi bolsa, işleri çalt depginde, ýokary hilli ýerine ýetirmäge, şeýlelikde, guýularyň uzak wagtlap işlemegine şert döredýär.

Sapardurdy ÝAÝLYÝEW,
«Nebit-gaz».