Hytaý iň ýokary oňyn söwda balansyna eýe boldy

15 Iýul 2024
518

Bütindünýä banky 2023-nji ýylyň jemleri boýunça daşary söwda dolanyşygynda iň ýokary oňyn söwda balansyna eýe döwletleriň sanawyny yglan etdi. Oňa laýyklykda, geçen ýyl Hytaý Halk Respublikasy 594 milliard amerikan dollary möçberinde oňyn söwda balansyny gazanyp, sanawyň birinji ornuny eýeläpdir. Sanawda ikinji ýerde Germaniýanyň (245,3 milliard amerikan dollary oňyn söwda balansy), üçünji ýerde bolsa, Irlandiýanyň (178 milliard amerikan dollary oňyn söwda balansy) ady getirilýär. Şeýle-de ilkinji onlukdan Singapur (155 milliard amerikan dollary oňyn söwda balansy), Şweýsariýa (131 milliard amerikan dollary oňyn söwda balansy), Saud Arabystany (127 milliard amerikan dollary oňyn söwda balansy), Russiýa Federasiýasy (121 milliard amerikan dollary oňyn söwda balansy), Niderlandlar (97 milliard amerikan dollary oňyn söwda balansy), Awstraliýa (83 milliard amerikan dollary oňyn söwda balansy) hem-de Braziliýa (81 milliard amerikan dollary oňyn söwda balansy) ýer alypdyr.

Şol bir wagtyň özünde hasabatda geçen ýyl daşary söwda dolanyşygynda importy eksportyndan has artyk bolan döwletler barada hem maglumat berilýär. Bu sanawyň başyny 1,1 trillion amerikan dollarlyk görkeziji bilen ABŞ çekýär.

Nowruz KAKAGELDIÝEW,
TDMG-nyň harby gullukçysy, leýtenant.