Özbek ykdysadyýetindäki özgerişler

15 Iýul 2024
495

Taryhy ýadygärlikleri, aşhana medeniýeti, bilim ojaklary (medreseler) bilen dünýä taryhynyň altyn hazynasyna giren Özbegistan bu günki gün ykdysady bazasyny diwersifikasiýa etmäge, infrastrukturasyny gowulandyrmaga gönükdirilen reformalary we maýa goýumlary netijesinde yzygiderli ösüşi başdan geçirýär. Ykdysadyýetiň oba hojalyk, syýahatçylyk, senagat önümçiligi, telekeçilik, maglumat tehnologiýasy pudaklarynda öňe ilerlemegi başaran Özbegistan Respublikasynyň 2023-nji ýylyň netijesi boýunça nominal jemi içerki önümi 5,99 göterim ýokarlanyp, 90,89 milliard amerikan dollaryna barabar boldy. Bütindünýä bankynyň çaklama hasabatyna görä, 2024-2025-nji ýyllarda ýurduň jemi içerki önüminiò ösüş depgininiň 5,5 göterime deň bolmagyna garaşylýar. «Trading Economicsiň» seljerijileriniň çaklamalaryna laýyklykda bolsa, Özbegistanyň JIÖ 2024-nji ýylyň ahyryna çenli, 96,34 milliard amerikan dollaryna deň bolar. Şeýle-de uzakmöhletleýin mümkinçilikleriň netijesinde 2025-2026-njy ýyllarda ýurduň JIÖ, degişlilikde, 103,09 we 109,79 milliard amerikan dollaryna çenli ýokarlanar.

Daşary söwda dolanyşygy

Sahypany taýýarlan: Jahantäç ÖWEZOWA,
TDIM-iň Halkara gatnaşyklary institutynyň halkara žurnalistikasy fakultetiniň talyby, «Biznes reklama».