Gadymdan gelýän gymmatlyk

11 Iýul 2024
707

Ata-babalarymyz asyrlaryň dowamynda çarwaçylyk bilen meşgullanyp, suw ýakalaryndaky, dag jülgelerindäki, giň sähralyklardaky erkana durmuşy ýaşaýyş üçin saýlap alypdyrlar. Şonuň üçin-de olar gündelik durmuşda ahalteke atyna, düýesine, alabaý itine, tazysyna, elguşuna diňe bir hojalykda ulanylýan jandar däl-de, eýsem, ýakyn ýoldaş, syrdaş, ýardamçy hökmünde uly orun beripdirler.

Ahalteke atlary ýaly has giňden meşhur bolmasa-da, türkmen durmuşynda düýe malynyň hem orny uly bolupdyr. Yssa-sowuga çydamly düýeleriň gymmaty sähra ýerlerinde has üýtgeşikdir. Şonuň üçinem oňa halkymyz «sähra gämisi» diýip at beripdirler. Olar sabyrlylygy, agraslygy, agyr ýüki ýeňledýändigi, müňbir derdiň dermanyny eçilýänligi bilen-de sarpalanypdyr. Muny «Hatarda ner bolsa, ýük ýerde galmaz» diýen nakylymyz hem doly tassyklaýar.

Çynar RÜSTEMOWA,
Türkmenistanyň Gahrymany, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary.