Mähir ojagy

11 Iýul 2024
847

(Başlangyjy žurnalyň geçen sanynda).

Ejemiň işleklisi. Göwnüme bolmasa, ejemiň hiç kimiňkä meňzemeýän özboluşly işlekli bişiriş usuly bardy. Çünki işlekliniň şol usulda bişirilişine soňy bilen hiç ýerde gabat gelmedim. Ejemiň nahar bişirýän ojagynyň öň (agyz) tarapynda ýer bilen gyradeň edilip, bir inedördül metr meýdança oda çydamly bişen kerpiçlerden tekiz örülendi. Kerpiçleri ojagyň agzyna golaý aralykda örmeginiň sebäbini öten-geçeniň ony basgylamazlygy üçin diýip düşündirerdi. Işlekli bişirjek mahaly şol kerpiçleriň üstüne 5-6 sm galyňlykda arassa çägäni ýazyp, onuň üstünde ojar (sazak) böleklerini üsti-üstüne tertipli örerdi. Soňra ojar oduny tutaşdyryp goýbererdi.

Çary GURBANGELDIÝEW,
pedagogika ylymlarynyň kandidaty, Türkmenistanyň ussat mugallymy.