Iolit daşy

11 Iýul 2024
723

Iolit gözelligi bilen özüne çekiji, maýyl ediji daş. Bu mineral gök bilen goýy benewşe reňklerde, käbir yşyklandyryş şertlerinde reňksiz, dury görnüşlerde bolýar. Iolit pleohroizm häsiýetli daşdyr. «Pleohroizm» grek sözi bolup, «dürli reňkli» diýen manyny berýär. Daş dürli reňklerde öwüsýänligi üçin, zergärçilik bezeglerinde uly islegden peýdalanýar. Bezeg işlerine-de iolit daşy ajaýyp öwüşgin goşýar.

Bu daş ilkinji gezek 1813-nji ýylda fransuz mineralogisti Pýer Lui Antuana Kordýe tarapyndan öwrenilip, açylýar. Iolit daşyna Norwegiýada, Şri-Lankada, Hindistanda, şeýle-de Afrikanyň we Günorta Amerikanyň käbir ýerlerinde duş gelinýär. Taryhda wikingler ýagtylyk şöhlelerini polýarizirlemek ýaly özboluşly ukyba eýe bolanlygy sebäpli, iolit daşyny gämi gatnawlarynda nawigasiýa (kompos) guraly hökmünde ulanypdyrlar. Nawigator hökmünde Günüň ýagdaýyny kesgitläp, şoňa laýyklykda giň ummanda gäminiň ugruny sazlapdyrlar.

Taýýarlan Sähragül GAJYMOWA,
«Zenan kalby».