Taryhyň syry hem aýany munda, gadymy Änewiň beýany munda

10 Iýul 2024
975

Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny okap bolanymdan soň, aňymda fransuz ýazyjysy Žan Rostanyň «Hakyky ýazyjy bize tanyş zatlar hakynda gürrüň berip, haýran galdyrmagy başarýar» diýen jümlesi aýlandy durdy. Hakykatdanam Änewe ýygy-ýygydan ýolum düşüp dursa-da, bu şäheriň näderejede gadymydygy we ol gadymylygyň nähili gymmatlyklar bilen baglydygy hakynda henize çenli düýpli hem giňişleýin pikirlenmändirin. Şu hakda oýlanyp, bir hakykata has-da haýran galýarsyň, ol hem, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň dünýä ýaly giň kalbynda eziz Watanymyz bilen bagly her bir zada synmajak hormat-sarpanyň, özboluşly mähir-söýginiň egsilmezligi. Şeýle gymmatlyklardan kemal tapan bu ajaýyp kitapda beýan edilýän gyzykly maglumatlardyr ýöredilýän çuňňur oý-pikirler seniň göz öňüňde gadymy Änewiň müdimi keşbini täzeden açýar. Keramatly toprakda, baryp, mundan ençeme asyr öň dörän ekerançylyk medeniýetiniň ähmiýetini ýüze çykarýan, ýaşy tas bir asyrdan geçýän gazuw-agtaryş işleri, olary geçiren alymlardyr arheologlaryň seljermeleri, bu ýerde ýaşap geçen taryhy şahsyýetleriň ömri we döredijiligi, gadymy şäheriň goýnunda ýerleşýän, geçmişiň syrly aýdymyna hiňlenip oturan binalar, ýadygärlikler hakda ýekänme-ýekän gürrüň berýän bu ajaýyp kitap geçmiş bilen geljegi biri-birine gowuşdyrýan köpri mysaly belent bir wezipäni ýerine ýetirip, dünýäniň çar künjüne aýlanyp, okyjylarynyň sanyny barha we barha artdyrmak bilen...

* * *

Aýgül GARAÝEWA,
«Esger».