Häzirki wagtda taryhy-medeni ýadygärlikler döwlet tarapyndan goralýar we olary rejelemek, ylmy esasda öwrenmek ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen kabul edilen Taryhy, arheologiýa, şähergurluşyk, binagärlik we monumental çeper ýadygärlikleriň, tebigy-landşaft desgalarynyň gorag zolaklaryny bellemegiň tertibini tassyklamak hakyndaky Karar hem munuň şeýledigini aýdyň tassyklaýar. Bu resminama medeni mirasyň obýektlerini, ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerini goramaga gönükdirilip, Türkmenistanyň çäginde ýerleşen medeni mirasyň obýektlerini goramak babatda gözegçilik işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga mümkinçilik berdi.
Medeni mirasa hormatyň, ony goramagyň, nesilden-nesle geçirmegiň mazmuny we maksady adamzadyň medeni ösüşine saldamly goşant goşan ata-babalarymyzyň asyrlaryň dowamynda kemala gelen paýhasly ýörelgelerinden ugur almakdyr. Şu nukdaýnazardan, 2012-nji ýylyň 19-njy oktýabrynda kabul edilen «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini goramak hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna 2023-nji ýylyň 25-nji noýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň dördünji maslahatynda üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilmegi milli taryhy-medeni mirasymyzy goramak babatdaky tagallalarynyň durmuşa geçirilmeginde möhüm ädim boldy.