Taryhy-medeni gymmatlyklar: ylmy barlaglar, açyşlar, rejeleýiş-berkidiş işleri

4 Iýul 2024
987

Ata-babalarymyzdan miras galan taryhy-medeni gymmatlyklarymyzy goramak, olary ylmy esasda öwrenmek we rejeläp, nesiller üçin asyl durkunda saklamak döwlet ähmiýetli işleriň hatarynda durýar. Köne Nusaý, Gadymy Köneürgenç, Gadymy Merw ýadygärlikler toplumlarynyň özboluşly, gaýtalanmajak medeni merkezler hökmünde dünýä derejesinde ykrar edilip, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi buýsançly başymyzy göge ýetirýär. Halkymyzyň şöhratly geçmişiniň şaýady bolan şeýle ýadygärlikler ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekde-de uly ähmiýete eýedir.

Ýeri gelende aýtsak, ýakynda Arkadag şäherinde geçirilen Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde medeni forumyň muzeý işiniň hünärmenlerinden, döredijilik işgärlerinden we sungat ussatlaryndan ybarat toparynyň Paryzdepe taryhy ýadygärligine baryp, ol ýerde geçirilýän işler bilen tanyşmaklary aýratyn many-mazmuna eýe boldy. Çäräniň dowamynda «Taryhy-medeni ýadygärliklerde 2023-nji ýylda alnyp barlan gazuw-barlag işleriniň netijelerini ylmy dolanyşyga girizmegiň ähmiýeti» atly meýdan şertlerindäki ylmy-usulyýet okuw maslahaty hem guraldy.

Ahmet HALMYRADOW,
«Abiwerd» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň direktory.