Halkymyz ylma-bilime ýokary baha berýär we ony uly baýlyk hasaplaýar. Şeýle baýlyga eýe bolan her bir ynsan jemgyýetimize gerekli, ile-güne peýdaly, kämil adama öwrülýär. Kämillige bolsa bilimleriň çeşmesi bolan kitaplaryň üsti bilen ýetip bolýar. Ýekeje kitaba rozugärini ekläp oturan guba düýesini bermäge taýýar türkmeniň kitaba garaýşy üýtgeşikdir. Indi gymmatly hazyna bilen ýüzbe-ýüz bolmak, ondan özüňe gerekli maglumatlary almak üçin malyňdan-halyňdan geçmegiň zerurlygy ýok. Bu hyzmaty gymmatly hazyna eýelik edýän kitaphanaçylar öz üstlerine alýarlar. Köpsanly okyjylara medeniýetli hyzmat edip, olaryň alkyşyny alýanlaryň arasynda Hojambaz etrap merkezi kitaphanasynyň agzybir işgärleri hem bar.
— Okyjylaryň isleglerini kanagatlandyrmak, olaryň islän kitaplaryny tapyp bermek ugrunda yhlasly zähmet çekýäris. Häzirki wagtda kitap gorumyz 31,5 müňden gowraga ýetdi. Kitaphanamyzda okyjylaryň isleg bildirýän kitaplarynyň bolmagy olaryň sanynyň barha artmagyna ýardam edýär. Okyjylarymyzyň arasynda mekdep okuwçylarynyň az däldigi bolsa guwandyrýar — diýip, kitaphananyň müdiri Jeren Ahmedowa gürrüň berýär.