Ekologiýa abadançylygy — halkyň sagdynlygy

28 Iýun 2024
999

«Türkmenistan Sport», № 2 (22), 2024

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy umumadamzat ösüşiniň ähli ugurlary babatynda kämilleşýär. Ýurdumyzyň ýer ýüzünde ykrar edilen şeýle belent at-abraýy Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň alyp barýan öňdengörüjilikli içeri we daşary syýasatynyň netijesidir. Türkmenistan tebigaty we daşky gurşawy aýawly saklamak we goramak babatyndaky umumy halkara tagallalaryna hem işjeň goşulýar. Tebigaty gorap saklamak, ony netijeli peýdalanmak, şol baýlyklary halkyň eşretleri üçin ulanmak, ýurtda we sebitde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek baradaky tagallalar Türkmenistanyň ykdysady, medeni we durmuş taýdan ösüş ýolunyň esasy ugurlarynyň biridir. 2008-nji ýylda milli senenamamyza girizilen Daşky gurşawy goramagyň Bütindünýä güni ýurdumyzda aýratyn bellenilýän baýramçylyklaryň biridir.

«Türkmenistan Sport» halkara žurnaly.