TOGRUL BEG

23 Iýun 2024
993

Togrul begiň 1038-nji ýylda Nişapura girende, guşagy sagdakly, egnine asylan ýaýy bilen girendigi baradaky maglumat hem ýaýyň häkimlik alamatyndan habar berýär. Bar Ebreý Togrul beg tagtda otyrkaб onuň öňünde uly ýaýyň durandygyny, soltanyň birbada elinde iki sany peýkamy saklap, olary ussatlyk bilen hereketli ýagdaýda saklandygyny habar berýär (Тишин В.В. К вопросу о происхождении тугры сельджукских султанов // Transcaucasica / Транскавказика. Южный Кавказ: история, религия, общество. М.: МБА, 2016. Вып. 3 / Сост. З.В. Кананчев. – С. 178). Abul Faraj 1048-nji ýylda Togrul begiň özüniň ähli resmi hormatly atlary ýazylan tugra ýasatmak barada perman berendigini ýazýar. Tugra seljuklaryň ähli permanlaryna we resmi hatlaryna möhür hökmünde basylypdyr (The Rahat-us-Sudur wa Ayat-us-surur, Being a History of the Saljugs by Muhammad ibn Ali ibn Sulayman al-Rawandi, ed.by M.Iqbal. –Leyden – London, 1921. P.257).

1050-nji ýylda halyf al-Kaýym seljuklar bilen özara gatnaşyklaryny ýitileşdirmezlik üçin Togrul begi deýurede beýik soltan diýip yglan edip, oňa «Rukn-ed-Din» («Diniň daýanjy») atly ünwany (ünwan – adres, salgy. — Абул-Фазл Байхаки. История Масуда (1030–1041). Перев., введ., коммент. А.К.Арендса. – М., 1969. – C.962) berýär. Şeýlelikde, ol Beýik Seljuklara inwestitura (öz üstünden abbasy halyflarynyň ýokary häkimligini ykrar edip, Seljuk soltanlary olardan halat, gara baýdak alypdyrlar. — Гордлевский В.А. Государство Сельджукидов Малой Азии. – М. – Л., 1941. – С.82) berip, yslam dünýäsiniň üstünden dünýewi häkimligi olara tabşyrypdyr. Şu hereketi bilen halyf ähli musulmanlaryň gözüniň alnynda özüniň dünýewi häkimlik ygtyýarlyklaryny seljuk soltanlaryna gowşurandygyny mälim edipdir hem-de olaryň harby ýörişlerini kanunylaşdyrypdyr. Şeýlelikde, Muhammet Togrul begden başlapб seljuk hökümdarlary Abbasy halyflaryndan soltanlyk häkimiýetine oňlanma (inwestitura) alypdyrlar (Агаджанов С.Г. Сельджукиды и Туркмения в XI–XII вв. – Ашх., 1973. – C.65). Ol halyfyň soltana gymmatbaha halatlary ibermegi we ýörite däp-dessurlar arkaly berjaý edilipdir (Гусейнов Р.А. Султан и халиф. // ПС. Вып. 19 (82). – М., 1969). W.W.Bartold seljuk hökümdarlarynyň ähli musulman dünýäsiniň ýokary hökümdary hökmünde yslamyň soltanyny musulmanlaryň dini baştutany, özüniň dini abraýy bilen soltan häkimiýetini beýgeldýän halyf bilen deň hatarda goýmak pikiriniň başyny başlap goýandyklaryny ýazýar (Бартольд В.В. Халиф и султан. – Спб., 1916. – С.248). Şondan soň seljuklaryň titulaturasynda «As-sultan al-azam şahanşah al-muazzam» (beýik soltan, beýik şahanşa) aýrylmaz bölege öwrülipdir (Рауф А. Гусейн-заде. Кавказ и сельджуки. – Баку, «Кавказ», 2010. – C.68). Bagdatdan seljuk soltanlarynyň ýanyna ilçi gelende, soltan halyfa tabynlygynyň alamaty hökmünde onuň ilçisiniň habaryny dik durup, ýüzüni Bagdat tarapa öwrüp diňläpdir. Munuň özi Gündogarda kabul edilen dessura laýyklykda, halyfyň permanynyň berjaý ediljekdigini alamatlandyrýardy. Soltan tagtyndan aşak düşüp, halyf tarapyndan iberilen sowgatlary kabul edipdir, altyn naly öpüpdir, halyfyň iberen haladyny geýipdir, kellesine selle orapdyr (Гордлевский В.А. Государство Сельджукидов Малой Азии. – М. – Л., 1941. – С.82-83).

Jumamyrat Gurbangeldiýew,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory, taryh ylymlarynyň kandidaty.