Galla oragyna gatnaşýan zähmetkeşleriň uly topary Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň agzasy bolup durýar. Şonuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Ak bugdaý etrap komitetiniň wekilleri möwsümiň gyzgalaňly dowam edýän häzirki günlerinde gallaçylaryň armasyny ýetirip, öňdebaryjy zähmetkeşleri höweslendirip durýarlar.
Gallaçylar bilen iş üstünde, şeýle-de meýdan düşelgelerinde guralýan duşuşyklaryň barşynda häzirki jogapkärli möwsümiň ähmiýeti, mukaddes baýlygy meýdanlardan gysga wagtda, ýitgisiz ýygnap almagyň möhümdigi barada gürrüň edildi. Ýakynda etrabymyzyň Magtymguly adyndaky daýhan birleşiginiň ak bugdaýly meýdanyndaky we meýdan düşelgesindäki duşuşyklar ýakymly täsirlere beslendi. Şonda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Ak bugdaý etrap komitetiniň başlygy Maşad Maşadow öňdebaryjy gallaçylaryň birnäçesine ýörite sowgatlary gowşuryp, olara zähmet üstünligini arzuw etdi.