Sagdynlygyň sakasy

20 Iýun 2024
891

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeleriň netijelerini Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak boýunça kanunçylygynyň halkara ekologiýa hukuk kadalary bilen sazlaşyklylykda yzygiderli kämilleşmeginde hem görmek bolýar. Munuň özi daşky gurşawy goramagyň we tebigy serişdeleri rejeli peýdalanmagyň, tebigy betbagtçylyklaryň öňüni almagyň, azyk önümleriniň hem-de howa gurşawynyň ekologiýa taýdan arassalygyny üpjün etmegiň häzirki zaman şertlerinde wajyp wezipeleriň hatarynda durýandygy bilen baglanyşyklydyr.

Ata Watanymyzda her ýylyň 3-nji iýunynda Bütindünýä welosiped gününiň, 5-nji iýunynda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününiň giňden bellenilip geçilmegi örän ähmiýetlidir. Halkara ekologiýa hyzmatdaşlygynyň işjeň agzasy bolan ýurdumyzda hem bu halkara ekologiýa seneleri uludan bellenilip geçilýär.

Ejebaý ATABAÝEWA,
Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap prokurorynyň kömekçisi, 3-nji derejeli ýurist.