Daýhanlary galkyndyran buýsançly waka

19 Iýun 2024
707

Ir döwürlerden bäri baý ekerançylyk medeniýetiniň mekany hökmünde tanalýan türkmen topragynda ýetişdirilen azyklyk ak bugdaýyň bereketli hasylyny ýygnamakda joşgunly zähmetiň tutuş ýurdumyzy gurşap alan häzirki günlerinde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň welaýatymyza iş sapary bilen gelmegi gallaçy daýhanlarymyzyň göwünlerini galkyndyryp, olary täze zähmet üstünliklerine ruhlandyrdy. Hormatly Prezidentimiz saparynyň barşynda welaýatymyzyň gallaçylarynyň alyp barýan işleri, halkymyzy öz topragymyzda ösdürilip ýetişdirilýän ekologiýa taýdan arassa oba hojalyk önümleri bilen bolelin üpjün etmekde gazanýan üstünlikleri, bugdaýyň hasyllylygy, daýhanyň ýakyn ýardamçylary bolan oba hojalyk tehnikalary bilen üpjünçiligiň ýagdaýy bilen tanyşmagy ýer eýeleriniň buýsançly başlaryny has-da belende göterdi. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň agrosenagat pudagyny depginli ösdürmegiň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň hemişe üns merkezinde durýandygyny ýene bir ýola ähli aýdyňlygy bilen görkezdi.

Hormatly Prezidentimiziň kärendeçi doganlar bilen duşuşyp, olar bilen bolan özara söhbetdeşliginiň çuňňur mazmunynda hem pudagy mundan beýläk-de ösdürmek babatdaky aladalar mynasyp beýanyny tapdy. Ýeri gelende aýtsak, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwletli tutumlaryny üstünlikli dowam etdirýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daýhanlar baradaky aladalary, olara berýän goldawlary, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli pugtalandyrmagy şu günler galla meýdanlarynda barha giň gerime, ýokary depgine eýe bolýan netijeli zähmetiň gözbaşydyr. Hormatly Prezidentimiziň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň galla oragy möwsüminden başlap, bugdaýyň döwlet satyn alyş nyrhyny ýokarlandyrmagy gallaçy daýhanlarymyzy täze zähmet üstünliklerine ruhlandyran döwletli çözgüt boldy.

«Balkan».