Türkmen-koreý hyzmatdaşlygy: täze başlangyçlar täze ösüşlere badalga

18 Iýun 2024
777

Eziz Watanymyzyň dünýä döwletleri bilen hoşniýetli goňşuçylyk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary barha giň gerime eýe bolýar. Türkmenistan dünýäniň depginli ösýän ykdysadyýetleriniň birine eýe bolan Koreýa Respublikasy bilen dostluk we uzakmöhletleýin, özara bähbitli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýär. Şu ýylyň 10-11-nji iýunynda Koreýa Respublikasynyň Prezidenti jenap Ýun Sok Ýoluň Türkmenistana döwlet saparynyň iki dostlukly ýurduň gatnaşyklarynda möhüm tapgyra öwrüljekdigini ynamly aýtmak bolar. Däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklar ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ösdürilýär hem-de täze hil derejesine eýe bolýar. Bu sapar Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň 2019-njy ýyldan soňky bäş ýylyň dowamynda ýurdumyza ilkinji döwlet saparydyr. Belent mertebeli myhmanyň Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül goýup, asylly däbe görä, bu ýerde ýerleşýän Hormatly myhmanlar seýilbagynda iki döwletiň we halklaryň arasyndaky mizemez dostlugyň nyşany hökmünde agaç nahalyny oturtmagy özara gatnaşyklaryň kök ýaýyp, gül-pürçük ýaýratmagy ugrundaky tagallanyň özboluşly nyşanyna öwrüldi.

Bu günki günde dürli ugurlarda, şol sanda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag, gurluşyk, ýokary tehnologiýalar, emeli aň ýaly ulgamlarda we beýleki pudaklarda uly kuwwata eýe bolan türkmen-koreý gatnaşyklarynyň uly geljegi bardyr. Iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň tagallalary bilen gazanylan möhüm ikitaraplaýyn ylalaşyklar köpugurly hyzmatdaşlyga täze itergi berýär. Koreýa Respublikasynyň tejribesi durmuş-ykdysady ulgamyň netijeli özgerdilmeginiň we birmahalky ösüşi gowşak ýurtdan dünýä ykdysadyýetiniň öňdebaryjy döwletleriniň birine öwrülmeginiň aýdyň mysallarynyň biri hökmünde öwrenilýär. Ine, Türkmenistan bu gün şeýle kuwwatlyklara eýe bolan ýurtlar bilen özara hyzmatdaşlygy yzygiderli giňeldýär.

Oguljemal NURMYRADOWA,
«Ahal durmuşy».