Söz sizden, ýaş alymlar!

17 Iýun 2024
1108

Bägül AMANOWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň taryh fakultetiniň 5-nji ýyl talyby:

— Biz ýaşlaryň arzuw-islegleriniň hasyl bolýan döwründe ýaşaýarys. Türkmenistanyň ýaşlarynyň arasynda geçirilýän ylmy işler boýunça bäsleşikde ýeňiji bolanymda, muňa has-da aýdyň göz ýetirdim. Bäsleşikde «Türkmenleriň keçe nagyşlaryndaky jandarlaryň şekilleri — etnografik gymmatlyk hökmünde» atly ylmy işim bilen ýeňiş gazandym. Bu temany saýlap almak bilen, baý mazmunly taryhymyzy, däp-dessurlarymyzy, milli gymmatlyklarymyzy çuňňur öwrenmegi hem-de ylmy işimiň üsti bilen olary dünýä ýaýmagy maksat edindim. Bizi maksatly menzillere ýetirýän, ukyp-başarnygymyzy kämilleşdirmegimize giň ýol açyp berýän Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden sagbolsun aýdýarys.

Taýýarlan Daňatar GALPAKOW,
«Nesil».