TOGRUL BEG

16 Iýun 2024
853

1054-nji ýylyň ýanwar–fewral aýynda Şirazda seljuklaryň adyna hutba okalypdyr (Merçil E. Büyük Selçuklu İmparatorluğu Tarihi // Genel Türk tarihi. – Ankara, 2002, 3 cilt, – 113 s.). S.Agajanow seljuklaryň diplomatiýadan hem-de ýerli hökümdarlaryň özara agzalalygyndan peýdalanyp, Günbatar, Günorta, Günorta-Günbatar Eýrany eýeländigini ýazýar (Агаджанов С.Г. Государство Сельджукидов и Средняя Азия в XI–XII вв. –М., 1991, – С.63-64, 242).

Türkmenleriň Anadolyny ýurt tutunmagy Togrul begiň döwründe başlanypdyr. Erzurumyň golaýyndaky Pasinler (Hasangala) obasynda bolan söweşde (1049 ý. 18-nji sentýabry) Ybraýym Ýynalyň we Gutulmyşyň serkerdeligindäki seljuk goşuny birleşen gürji-ermeni-wizantiýa güýçlerini ýeňipdir. Gürji şazadasy Liparid türkmenlere ýesir düşüpdir. Wizantiýa bilen gapma-garşylyklary ýitileşdirmezlik üçin Togrul beg 1051-nji ýylda Liparidi boşadyp, imperatoryň ýanyna ýollapdyr (Histoire de la Georgie, p. 323; Гусейнов Р.А. Из истории отношений Византии с сельджуками (по сирийским источникам) // Палестинский сборник, вып. 23 (86). – Ленинград. – 1971. – С.159-160). Iki ýyllap öz ýanynda bolan, batyr we dürüst şazada Togrul begiň syny oturypdyr. Imperatoryň ony halas etmek üçin hödürlän uly mukdardaky puluny «Men täjir däl» diýip, yzyna gaýtarypdyr (Uluçay Ç. İlk Müslüman Türk devletleri. – İstanbul, 2012. – 181 s.). Skylitzes-Cedrenusyň ýazmagyna görä, soltan imperatoryň ýollan bütin sowgatlaryny we öwez tölegini Liparidiň özüne beripdir. Oňa başyna gelen bu şowsuzlykdan sapak alyp, gaýdyp türklere garşy söweşmezligini ündäpdir (Alime Gül. Selçuklu-Bizans Anlaşmalarinin değerlendirilmesi (1048-1211). Yüksek lisans tezi. – İstanbul, 2014. – 11 s.).

Jumamyrat GURBANGELDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň rektory, taryh ylymlarynyň kandidaty.