Kämilligiň röwşen ýoly

17 Iýun 2024
962

Jemgyýetiň galkynyşy ylmyň ösüşi bilen gönümel baglanyşyklydyr. Ylmyň gazananlarynyň ykdysadyýetiň pudaklaryna, önümçilige üstünlikli ornaşdyrylmagy döwletiň we jemgyýetiň täze derejä çykmagyny şertlendirýär. Ylmy-tehniki ösüşiň miweleri, açyşlardyr oýlap tapyşlar jemgyýetiň önümçilik, dolandyryş, howpsuzlyk we abadançylyk, raýatlaryň saglygyny hem-de daşky gurşawy goramak, ýaş nesilleri terbiýelemek ýaly zerurlyklaryny üpjün edýär. Şunuň bilen baglylykda, ylmyň diňe bir önümçilik üçin zerur bolan tehniki serişdeleriň däl, eýsem, jemgyýetiň we döwletiň sazlaşykly ösüşini üpjün etmekde möhüm ähmiýeti bolan adam maýasynyň kämilleşmegine hem uly goşant goşýandygyna üns çekmek gerek.

Eziz Diýarymyzda ylym-bilim ulgamyny ösdürmäge uly ähmiýet berilýär. «Ylym we tehnologiýalar biziň şu günki hem-de geljekki ösüşlerimiziň esasyny düzýän gymmatlygymyzdyr» diýýän hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Gahryman Arkadagymyzyň ylmy-tehniki ösüşiň gazananlaryna, bilimlere we innowasiýalara daýanyp, ýurdumyzda ylym-bilimi, medeniýeti ösdürmek, dünýäniň syýasy, ykdysady we medeni giňişliginde Türkmenistanyň ornuny pugtalandyrmak boýunça başyny başlan asylly işleri mynasyp dowam etdirilýär. Ylym-bilim ulgamynda gazanylan baý tejribä daýanylyp, milli ykdysadyýetiň innowasion tehnologiýalara, nazary ylymlara esaslanýan nusgasy kemala getirilýär. Ylmy taýdan çemeleşme islendik taslamanyň ýa-da başlangyjyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine we ozalkydan-da kämilleşmegine ýardam edýär. Bu hakykat jemgyýeti we döwleti dolandyrmagyň tejribesi babatda-da üýtgewsizdir. Baryp iki-üç müň ýyl ozal ösüş derejesi beýlekilerden ýokary bolan jemgyýetlerde döwlet dolandyryşy bilen baglanyşykly wezipeler ylymly-bilimli raýatlara ynanylypdyr. Gadymy filosoflaryň idealistik taglymatlarynda jemgyýetiň iň ýokary gatlagynyň alymdyr akyldarlardan ybarat bolmalydygy öňe sürlüpdir. Türkmen halky hem ähli döwürlerde jemgyýeti dolandyrmakda pähim-parasatly, sowatly, baý durmuş tejribesi bolan adamlaryň agramynyň ýokary bolmagyny makullapdyr. Bu günki gün berkarar döwletimizde ata-babalarymyzyň asylly ýörelgeleri mynasyp dowam etdirilip, jemgyýeti we döwleti dolandyrmakda ýaşuly nesliň tejribesi ýaşlaryň gujur-gaýraty bilen utgaşdyrylýar. Ýaşlary jemgyýetçilik durmuşyna çekmek ugrunda giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýaş hünärmenleri kämilleşdirmek babatda ylmy esasda çemeleşilýär.

Alym ANNAMYRADOW,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň rektory, ykdysady ylymlaryň kandidaty.