Döwrebap tejribeler, giň mümkinçilikler

15 Iýun 2024
948

Ýurdumyzda Ylymlar gününiň giň gerimde bellenilmegi, bu senäniň ähmiýetli çärelerdir dabaralar bilen utgaşmagy ýurdumyzda ylym ulgamynyň ösdürilmegine, ylmy täzeçillikleriň ykdysady pudaklara yzygiderli ornaşdyrylmagyna uly üns berilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezine halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň hukuk derejesiniň berilmegi, Ylymlar güni mynasybetli dünýäniň onlarça ýurdundan tejribeli hünärmenleri we bilermenleri bir ýere jemlän «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ylym, tehnika we innowasion tehnologiýalar» atly halkara ylmy maslahatyň geçirilmegi hem-de onda geljegi uly ugurlaryň maslahatlaşylmagy diňe bir ykdysadyýetiň ösüşine däl-de, eýsem, ylym ulgamynda halkara hyzmatdaşlygyň ilerlemegine hem giňden ýardam edýär.

Ylmyň häzirki zaman möhüm ugurlarynyň öwrenilmeginde daşary ýurtly alymlar bilen tejribe alyşmagyň ýygjamlaşdyrylmagy täze işläp taýýarlamalaryň durmuşa geçirilmeginde hem-de dünýä tejribesinden ugur almak bilen, ýerli senagat önümçiligini kämilleşdirmekde örän ähmiýetlidir. Şunda Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň, her ýylda geçirilýän ýaş alymlaryň arasynda ylmy bäsleşigiň, aýratyn-da, halkara ylmy maslahatlaryň bu işlere uly itergi berýändigini bellemek gerek. Çünki bu günki günde ylmy jemgyýetçilik tarapyndan üns gönükdirilýän ylmy pudaklaryň hatarynda ýurdumyzda durmuşa geçirmek mümkinçiligi uly bolan, geljekde amala aşyryljak taslamalara gönezlik bolup hyzmat etjek ugurlar bar.

Ogulsona IŞIMOWA,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Merkezi derňew toparynyň esasy hünärmeni.