Daşarbat kerwensaraýy

15 Iýun 2024
1057

Ata Watanymyz şöhratly geçmişimiziň şaýatlary bolan arheologik ýadygärliklere juda baýdyr. Şol ýadygärlikler köp ýyllardan bäri diňe bir türkmen arheologlarynyň däl, eýsem, dünýäniň meşhur taryhçylarynyň, syýahatçylarynyň hem ünsüni özüne çekip gelipdir.

Balkan welaýatynyň çäklerindäki taryhy-medeni gymmatlyklary gorap saklamak we geljekki nesillere ýetirmek boýunça alnyp barylýan işler üstünlikli dowam etdirilýär. Welaýatdaky daglyk ýerlerde we deňiz kenarýakalarynda taryhyň daş eýýamyndan başlap, giçki orta asyrlara degişli ýadygärlikler ýüze çykaryldy. Şeýle ýadygärlikleriň biri hem Daşarbat kerwensaraýydyr. Halk arasynda oňa «Daşgala» ýa-da «Daşrabat» hem diýilýär. Balkan welaýatynyň sähralary örän syrly we gaýtalanmajak bir dünýädir. Bu kerwensaraý gadymy döwürlerde Beýik Ýüpek ýolunyň dynç alyş düşelgesi bolup hyzmat edipdir.

Hemra TÄÇGYLYJOW,
Balkanabat şäherindäki 17-nji orta mekdebiň taryh mugallymy.