Ylym we innowasiýalar — ösüşiň esasy şerti

12 Iýun 2024
698

Aşgabat, 11-nji iýun (TDH). Şu gün paýtagtymyzda milli senenamamyzyň möhüm seneleriniň biri bolan Ylymlar gününe bagyşlanyp «Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalarynyň ösüşi we geljegi» atly halkara ylmy maslahat geçirildi. Utgaşykly görnüşde guralan forum türkmen alymlary, mugallymlary we ýaş ylmy işgärleri bilen bir hatarda, halkara guramalaryň, dünýä belli ylmy merkezleriň, daşary döwletleriň öňdebaryjy ylmy-tehnologiýa parklarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerini bir ýere jemledi. Maslahat Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 7-nji iýunynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow “Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Tehnologiýalar merkezine halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň hukuk ýagdaýyny bermek hakynda” Karara gol çekdi. Bu çözgüt “Ylmy-tehnologiýa parklary hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, amaly ylmy işleri alyp barmak, ylmyň gazananlaryny we önümçiligi utgaşdyrmak, ylmy esasda senagat pudagyny ösdürmek, tehniki ölçegleri döwrebaplaşdyrmak üçin zerur binýady döretmek maksady bilen kabul edildi. Tehnologiýalar merkeziniň täze hukuk ýagdaýy alymlara we inženerlere dünýäniň abraýly ugurdaş merkezleri, şol sanda Halkara ylmy parklaryň assosiasiýasy (IASP) bilen hyzmatdaşlygyň ugurlaryny işjeň giňeltmäge mümkinçilik berer.