Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda jemgyýetimiziň ruhy taýdan galkynmagyna, milli medeniýetimiziň, taryhymyzyň hemmetaraplaýyn öwrenilmegine, medeni gymmatlyklarymyzyň aýawly saklanylmagyna hem-de kämilleşdirilmegine gönükdirilen tutumly işleriň durmuşa geçirilmegi halkymyzy buýsandyrýar. Şeýle işleriň çäklerinde beýik akyldarlarymyzyň, alymlarymyzyň, ýazyjy-şahyrlarymyzyň çuň mazmunly kitaplary yzygiderli neşir edilip, giň okyjylar köpçüligine ýetirilip durulýar. Ýakynda beýik söz ussady Pyraga goýulýan uly hormat-sarpanyň nyşany hökmünde taryha girjek «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda dana şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli akyldaryň asyrlardan aşyp, biziň günlerimize gelip ýeten ajaýyp şygyrlary ýerleşdirilen «Magtymguly» atly kitabyň çapdan çykmagy munuň subutnamasy bolup durýar.
Dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna mynasyp goşant goşan ata-babalarymyzyň medeni mirasyny aýawly saklamak, ösdürmek hem-de dünýäde giňden wagyz etmek, taryhy gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmak boýunça durmuşa geçirilýän işleriň netijesinde halkyň kalbyna deňelýän medeniýetimiz uly ösüşlere beslenýär. Milli medeniýet medeni gymmatlyklarymyzdan, ynsanperwer däp-dessurlarymyzdan, ýörelgelerimizden, adatlarymyzdan gözbaş alýar. Şonuň üçinem türkmen medeniýeti we sungaty özboluşlylygy bilen tapawutlanýar.