Ylym — adamzadyň röwşen geljeginiň ýoly

12 Iýun 2024
822

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, «Ylym adamzadyň röwşen geljeginiň ýoludyr”. Şu nukdaýnazardan bu gün ýurdumyzda ylym binýadyny pugtalandyrmakda alnyp barylýan işleriň ähmiýeti diýseň uludyr. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan beýik başlangyçlaryny üstünlikli dowam edýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň ägirt uly ylmy-döredijilik mümkinçiliklerini ösdürmek, alymlarymyzyň täze ylmy açyşlarynyň, oýlap tapmalarynyň halkara derejesinde ykrar edilmegini hem-de ýurdumyzyň ylym ulgamynyň dünýäniň ylmy giňişliginde üstünlikli goşulmagyny gazanmak babatdaky bimöçber işleri ulus-ilimizde çäksiz buýsanç duýgusyny döredýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy esasynda her ýylyň 12-nji iýuny milli senenamamyzda Ylymlar güni hökmünde orun aldy. Halkymyz indi ençeme ýyldan bäri Ylymlar gününi giňden dabaraly belläp geçýär. Şu sene mynasybetli ylmy maslahatlar geçirilýär, bäsleşikler guralýar. Ylmy ösdürmek, alymlarymyzy goldamak we höweslendirmek maksady bilen ýaş alymlaryň arasynda guralýan ylmy işleriň bäsleşigi hem şeýle çäreleriň biridir. Bu bäsleşigiň ýaşlarymyzyň öwrenmegi, döretmegi, ylmy işler bilen meşgullanmagy we täze açyşlary etmegi babatdaky ähmiýeti örän uludyr.

Guwanç ALLABERDIÝEW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Gökdepe etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.