Ylym halkyň hyzmatynda

11 Iýun 2024
858

Şu gün eziz Diýarymyzda uly dabaralara beslenip Ylymlar güni toýlanýar. Bu baýram ýurdumyzda eýýäm 18-nji gezek, ýagny 2007-nji ýyldan bäri alym Arkadagymyzyň parasatly başlangyjy esasynda giňden bellenilýär. Sebäbi ylym biziň ähli ösüşlerimiziň binýady. Ylym — döwletiň kuwwatyny we geljegini kesgitleýän esasy gymmatlyk. Ylym — her birimiziň dünýägaraýşymyzy emele getirýän, akyl işjeňligimizi artdyrýan, dürli meseleleri dogry çözmäge ýardam berýän uly güýç.

Şonuň üçin alym Arkadagymyz hem-de alym Prezidentimiz milli ylym ulgamynyň yzygiderli ösmegine degişli meseleleri hemişe üns merkezinde saklaýarlar. Bu babatda Gahryman Arkadagymyz özüniň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda: «Ýaşaýşa düşünmegiň we öňe ilerlemegiň, ösüşiň özeninde ylym-bilim ýatyr», «Ylym — köňül çyragy. Ol çyraglary öz köňlüňizde hem-de perzentleriňiziň kalbynda başardygyňyzça köp ýakjak boluň! Şonda ykbal ýollaryňyz aýdyň bolar» diýip belleýär.

Batyr MYRADOW,
«Türkmen dünýäsi» gazetiniň baş redaktory, pedagogika ylymlarynyň doktory.