Halkara maslahat tejribe mekdebi

11 Iýun 2024
1019

Ýaş nesle bilim bermekde döwrebap usullary özleşdirmek şu günki halypalarymyzyň hem, geljekki mugallymlar hökmünde biziň hem öňümizde durýan ilkinji nobatdaky esasy borç. Ýakynda Ylymlar güni mynasybetli baýry ýokary okuw mekdebimizde geçirilen halkara onlaýn ylmy maslahaty hem şu wezipä bagyşlandy.

Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde geçirilen maslahat «Ylym-bilim XXI asyrda» diýlip atlandyryldy. Adyndan hem mälim bolşy ýaly, döwrümiziň iň täze gazananlaryny ylym we bilim pudaklaryna ornaşdyrmagy, bu babatda tejribe alyşmagy maksat edinen maslahata dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň alymlaryndan hem isleg uly boldy. Şeýlelikde halkara maslahat ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlaryndan başga-da, Russiýa Federasiýasynyň, Belarusyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň, Türkiýäniň, Hytaýyň, Beýik Britaniýanyň we Germaniýanyň abraýly ýokary okuw mekdeplerine wekilçilik edýän pedagog alymlarynyň tejribe meýdançasyna öwrüldi.

Kerimberdi MUHAMMETBERDIÝEW,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.