Ösüşleriň esasyny düzýän gymmatlyk

11 Iýun 2024
843

Ylym ýurduň ösüşleriniň kuwwatly özgerdiji güýji hökmünde onuň durmuşynda möhüm orny eýeleýär hem-de dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna çykmagynda esasy şert bolup durýar. «Ylym we tehnologiýalar biziň şu günki hem-de geljekki ösüşlerimiziň esasyny düzýän gymmatlygymyzdyr» diýip, örän jaýdar belleýän hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen ylmyny hil taýdan täze, ösüşiň dünýä derejesine çykarmak, ylmy-barlaglaryň we tehniki işläp düzmeleriň netijeliligini ýokarlandyrmak, olary halkymyzyň we döwletiň durmuşynyň gündelik meselelerini çözmäge gönükdirmek babatda möhüm ähmiýetli işler alnyp barylýar.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda-da ykdysady, syýasy, medeni ugurlarda bolşy ýaly, ylym ulgamynda hem düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Ulgamda alnyp barylýan işleriň kämilleşdirilmegine döwlet derejesinde uly goldaw berilýändigi, bu ugurda daşary ýurtlaryň degişli düzümleri bilen gatnaşyklaryň ýola goýulýandygy we ösdürilýändigi, ýurdumyzda halkara derejedäki ylmy maslahatlaryň, forumlaryň yzygiderli geçirilýändigi munuň aýdyň güwäsidir.

Allaberdi AŞIROW,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti.