Işewürlikde «Ýaşyl» mümkinçilikler

10 Iýun 2024
957

Daşky gurşawyň abadançylygy häzirki döwürde dünýä derejesinde iň derwaýys meseleleriň biri hasaplanylýar. Bu meseläniň çözgüdini tapmak köptaraplaýyn çemeleşmäni we tagallalary birleşdirmegi talap edýär. Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde işewürlige we önümçilige uly orun degişlidir. Şonuň üçin-de, dünýä belli kompaniýalaryň köpüsi bu meseleden çetde durman, önümlerini ýerlemekde we hyzmatlaryny ilerletmekde täzeçil çemeleşmeleri, döwrebap çözgütleri peýdalanýarlar. Işewürlikde «eko-marketing» diýlip atlandyrylýan ugruň ösmegi hem munuň aýdyň mysalydyr.

Eko-marketing — haryt nyşanyny ösdürmegiň strategiýasy bolup, onuň esasy maksady sarp edijileriň ekologik talaplaryny kanagatlandyrmakdan ybaratdyr. Bu ugruň ýüze çykmagy ekologik medeniýetiň ösmeginiň netijesinde, sarp edijileriň jogapkärçiliginiň artmagy bilen baglanyşyklydyr. Şonuň üçinem kompaniýalaryň köpüsi işewürlik nusgasyny üýtgedip, daşky gurşawy goramak boýunça başlangyçlary durmuşa geçirýärler. Meselem, işjeň dynç alyş üçin niýetlenen «Patagonica» haryt nyşanly egin-eşikleri öndürýän kärhana köp ýyl bäri girdejileriniň 1 göterimini tebigaty aýawly saklamaga gönükdirýär. Sport lybaslaryny öndürýän «Nike» kompaniýasy köne aýakgaplardan basketbol meýdançalarynyň üstki gatlagyny taýýarlaýar.

Taýýarlan Muhammetnur ÝAZGELDIÝEW,
«Watan».