Ekologiýa abadançylygy

7 Iýun 2024
952

Mälim bolşy ýaly, eziz Diýarymyzda daşky gurşawy goramak, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek meseleleri döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda kesgitlenildi. Watanymyzyň ajaýyp tebigaty biziň her birimizi ony aýap saklamaga has-da baýlaşdyrmaga, ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygyny gazanmaga borçly edýär.

Ýeri gelende bellesek, Garaşsyzlyk ýyllary içinde ekologiýa, tebigatdan rejeli peýdalanmak we ony goramak meselelerine dahylly kanunlaryň, kararlaryň birnäçesi kabul edildi hem-de olar iş ýüzünde üstünlikli durmuşa geçirilýär. Diýarymyzyň täsin we ajaýyp tebigatynyň ygtybarly goralmagy, baýlaşdyrylmagy, onuň baýlyklarynyň aýawly saklanmagy kanunçylyk esasynda alnyp barylýar.

Agabek HUDAÝAROW,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.