Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi

7 Iýun 2024
595

6-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýanwar — maý aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijelerine garaldy. Şeýle hem mejlisiň gün tertibine Garaşsyz Watanymyzda howpsuzlygy, asudalygy üpjün etmek, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek bilen bagly meseleler girizildi.

Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, hasabat döwründe harby özgertmeleriň çäklerinde kesgitlenen wezipeleri, şol sanda Milli goşunyň goranyş ukybyny berkitmek boýunça wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek babatda görlen çäreler barada hasabat berdi.

TDH-niň habary esasynda taýýarlanyldy.