Arkadag şäheri — sahawat mekany

6 Iýun 2024
473

Gahryman Arkadagymyzyň oňyn başlangyçlarynyň hem-de ýadawsyz tagallalarynyň netijesinde eziz Watanymyzda sebitde ilkinji «akylly» şäher — Arkadag şäheri bina edildi. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda innowasion tehnologiýalar bilen üpjün edilen we ýaşaýyş üçin ähli mümkinçilikleri özünde jemleýän «akylly» şäheriň kemala gelmegi ýurdumyzyň berk binýatly, ykdysady taýdan kuwwatly döwletdigini bütin dünýä äşgär etdi.

Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň yhlasyndan kemala gelen Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşygy alnyp barylýar. Onda, esasan, önümçilik toplumlarynyň bina ediljekdigini nazara alyp, bu ýerdäki gurluşyklarda häzirki zaman ylmynyň gazananlarynyň giňden peýdalanylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Ýakynda Milli Liderimiz Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň taýýarlanylan taslamalary, binalaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli serişdeleriň görnüşleri bilen tanyşdy. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ştab-kwartirasynda iş maslahatyny geçirdi.

«Adalat».