Beýik binalar görner

6 Iýun 2024
724

Aşgabat şäheriniň güni mynasybetli paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň «Çoganly» ýaşaýyş toplumynda gurlup ulanmaga berlen 136 sany iki gatly ýaşaýyş jaýlaryny synlanyňda, maşgalanyň ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlarynda ýaşamagy üçin giň mümkinçilikleriň döredilýändigine göz ýetirmek bolýar. Bu ýerde tutulan toý dabaralarynda halkymyzyň milli däp-dessurlary giňden ýaýbaňlandyryldy. Gelin-gyzlaryň taýýarlan milli tagamlary, eli çeper zenanlaryň ýerine ýetiren el işleri, inçelik bilen bejerilen keşdeler, ussatlyk bilen güllenen keçelerdir dokalan halylar bu künjekde tutulan jaý toýlarynyň many-mazmunyny artdyrdy. Maşgala binýadynyň berkliginde, nesil terbiýesinde eneleriň mynasyp ornunyň bardygyny açyp görkezýän bu pursatlar ynsan kalbyny gözellige besledi. Toý dabaranyň bezegi bolan körpeleriň şatlygy, milli oýunlar «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şan-şöhratynyň egsilmeýändigini äleme ýaýdy.

«Zenan kalby».