Milli taryhymyzda zenan mertebesi

6 Iýun 2024
1138

Gahryman Arkadagymyz «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly ajaýyp eserinde ene mertebesi bilen ene dilimiziň baglanyşygyny beýan edip: «Biziň ene dilimiz — türkmen dili dünýäniň iň baý dilleriniň biridir. «Orhon-Ýeniseý ýazgylarynda», «Kutadgu-Bilik» (Bagtly edýän bilim), «Diwany lugat et-türk» (Türki dilleriň diwany), «Oguznama», «Kitaby dädem Gorkut», «Görogly» ýaly ençeme naýbaşy eserler gadymy türkmen diliniň eserleridir, gadymy türkmen halkynyň döredijilik önümleridir. Söze baý, dile çeper, sözleýşe dilewar halkymyzyň ene dili Oguz han Türkmeniň diliniň dowamydyr. Şol dil Magtymguly ýaly akyldarlaryň zehin eleginde zerlenip, halkymyzy dünýä tanadýar» diýýär. Hormatly Arkadagymyzyň kitabynda mysal getirýän «Orhon-Ýeniseý ýazgylarynda», gadymy türki halklarda halkyň ýolbaşçysyna «kagan» (han), onuň aýalyna bolsa «katun» (hatyn) diýlip ýazylypdyr. Taryhy çeşmelerde hem beýan edilişi ýaly, ol ýerde «kagan» (han) sözüniň yz ýanyndan «katun» (hatyn) sözüniň getirilmegi, gadymy ata-babalarymyzda zenan maşgalanyň jemgyýetde tutýan ornunyň uly bolandygyny alamatlandyrýar. «Bilge Kagan» bölüminde zenanlar bilen baglanyşykly «Taňry milletimiz ýitip gitmesin diýip, atam II-Teriş Han bilen enem II-Bilge Hatyny Ýer ýüzüne ugratdy» diýen setirler beýan edilipdir. Şol döwrüň ynanjyna görä, «Kagan bilen Katun (han bilen hatyn)» Gögüň (Asman taňrysy) zürýatlary hasaplanypdyr we mukaddeslik derejesinde görlüpdir. Şeýle-de «Orhon-Ýeniseý ýazgylarynda» Bilge hanyň zenanlara: «Sizler ejem hatyn, ene-mamalarym, aýal doganlarym, daýzalarym, gelnejelerim, şazenanlarym...» diýip ýüzlenýän ýerleri hem galdyrylypdyr.

Göktürkmenleriň medeniýeti barada maglumat berýän şol ýazgylardan dörän garaýyşlara görä, hökümdar ýurt başyna saýlananda hem özi, hem-de onuň aýaly üçin (şazenan hökmünde) aýratyn gutlag toý-mejlisleri guralypdyr. Şol mejlisler halk üçin açyk bolup, ilatyň gutlaglary kabul edilipdir. Bulardan başga-da, Göktürkmenlerde döwlet mejlislerinde, harby maslahatlarda şazenany (hatyn), hökümdaryň (kagan) tagtynyň çep gapdalynda oturyp, öz pikirini erkin beýan edip, maslahat bermäge hukugy bolupdyr. Zerur bolanda, ýurduň şazenany hökümdaryň adyndan ilçileri kabul edip, isleglerini diňläp, netije çykaryp bilipdir. Türki halklaryň iň gadymy taryhy ýazgylaryndan hem görşümiz ýaly, zenan mertebesi milli taryhymyzda aýratyn ähmiýete eýedir.

Aziz HASANOW,
TGM-niň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň uly mugallymy, maýor.