Rahatlandyryjy daş

6 Iýun 2024
1267

Flýuorit özboluşly we özüne çekiji reňkleri bilen tanalýan tebigy, gymmat bahaly daşdyr. Daşyň durmuşymyzda abadançylygy döretmäge we deňagramlylyga täsirini ýetirip biljek güýçli häsiýetleri bar. Flýuoritiň akyl aýdyňlygyny we ünslüligi gowulandyrmaga, duýgy, ruhy taýdan sagdyn bolmaga, duýgurlygy güýçlendirmäge täsiri ýokarydyr.

Gadymy döwürde flýuoritden tumar edinseň, zyýandan we ýaramaz täsirlerden goraýar diýlen ynanç bolupdyr. Bu ynançlar häzirki döwürde hem ähmiýetli bolup, flýuorit ylmy taýdan öwrenilen güýçli metafiziki aýratynlyklary sebäpli bejergide möhüm daş bolup galmagyny dowam etdirýär.

Taýýarlan Sähragül GAJYMOWA,
«Zenan kalby».