Her tary bir sünbül...

6 Iýun 2024
1180

Millilik düşünjesi her bir türkmeniň süňňünde bar. Ol dogduk topragyň ysy, ilkinji ýaz ýagşynyň bugy, ene süýdüniň tagamy, ata gujagynyň ýylysy bilen körpäniň süňňüne ornaýar, aňyna durmuş kadasy bolup ýazylýar. Dünýä inen gününden başy tutulýan terbiýe bu aň damaryň diňe düýbüni berkidýär, watançylyk duýgusynyň gözbaşyny durlaýar. Gözlerini giňden açyp, töwerek-daşyna bakýan çagajygyň kalbyna durmuş sapagynyň tilsimi ilkinji aýdylan ertekiler bilen ornaýar. Enem pahyryň aýdyp beren ertekisi şu wagtky ýaly ýadymda. Ertekide Maral atly edenli türkmen gyzy eýmenç aždarhadan heder etmän, dört örüm saçlaryny guýa sallap, kyrk gulaç guýa gaçan doganyny göni ajaldan halas edýär.

Çaga syny ýiti bolýan ekeni. Biraz ulalyp, agy-garany saýgaryp başlamsoň, köçämiziň ileri çetinde ýaşaýan gyza synym düşdi. Her gün irden turan badyma, şol ýana eňýärdim. Ol säher bilen uzyn saçlaryny başyna orap, boýnundan bedre asyp, düýelerini sagardy. Düýe maly asyl hem agrasdan nazarkerde bolsa-da, durky çaga gözüne haýbatly görünýär. Ol gyzyň bu nazarkerde maldan birjigem eýmenmeýändigi enemiň aýdyp beren ertekisindäki gyzy ýatladýardy.

Gülälek ORAZOWA,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Merkezi bejeriş-sagaldyş hassahanasynyň ýetginjekler lukmany, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşiniň agzasy.