Türkmenistanyň gaz senagaty: geçmişden şu güne

3 Iýun 2024
891

Türkmençilikde aýdylyşy ýaly, Ojak gaz käniniň höwri köp boldy. Amyderýanyň hekdaş gatlaklaryny düýe boýnuny döredip kesip geçýän ýerinde, Şyharyk obasynyň ýanynda 1966-njy ýylda türkmen gazçylarynyň merkezi Gazojak şäheriniň düýbi tutuldy. 1970-nji ýylyň aýagyna Günorta-Gündogar we Demirgazyk-Gündogar Türkmenistanyň çäklerinde açylan ululy-kiçili gaz we gazkondensat känleriniň 19-sy bolup, şolardan Kükürtli gazkondensat we Minara (Maýsk) gaz känleri 1970-nji ýylda ulanyşa goýberildi. Şeýlelik bilen, Gündogar Türkmenistanda 1971 — 1976-njy ýyllar aralygynda gorlarynyň göwrümi boýunça uly bolmadyk Demirgazyk Ojak, gorlarynyň göwrümi uly bolan Naýyp gazkondensat känleri 1972-nji ýylda we örän uly gaz gorlary bolan Gündogar (Şehitli) we Günbatar (Jojukly) Şatlyk gazkondensat känleri 1973-nji ýylda ulanyşa goýberildi. Netijede, şol döwürde ulanyşda duran känleriň sany 7-ä ýetirildi we 1976-njy ýylda çykarylan tebigy gazyň göwrümi 1970-nji ýyla garanyňda, 4,7 esseden hem köpeldi. Şol ýyl Maýsk diýlip atlandyrylan, 1964-nji ýylda açylan gaz ýatagyndan başlanýan, içki ulanyjylara niýetlenen Maýsk — Aşgabat — Büzmeýin magistral gaz geçiriji çekilip, tebigy gaz Aşgabada getirildi.

Dünýä tejribesinde ilkinji bolup, köpgatlakly Ojak gazkondensat käninde bir guýuda iki gatlagy bir wagtda aýry-aýrylykda ulanyş (BAU) usuly bilen işe goýbermegiň kände özleşdirme işlerini alyp barmaklygy tizleşdirýändigi, agtaryş işleri geçirilýän döwründe täze açylýan gatlaklary ulanyşa çekmegiň mümkinçiligini artdyrýandygy we ykdysady taýdan önümçilikde uly peýda gazanylýandygy doly subut edilýär. Bu usul Kükürtli, Naýyp we şuňa meňzeş köpgatlakly gazkondensat känlerinde ulanyldy we ol känler özleriniň taslama kuwwatlyklaryna wagtyndan 3-4 ýyl ir çykaryldy. Naýyp, Kükürtli we beýleki köpgatlakly gazkondensat känlerinde gözleg-agtaryş we ulanyş guýularynyň ählisinde ulanyş sütünleriniň diametri 148 millimetrden 168 millimetre ulaldyldy we netijede, guýularyň gaz berijiligi 50—70%-e çenli artdyryldy. Bu ýerde ýene bir bellemeli zat, ol hem Kükürtliniň, Ojagyň we Naýybyň üç sany gazy taýýarlaýan desgalarynda ulanyş guýularynyň her birine özbaşdak tehnologik hatarlar gurlan bolsa, Ojakdaky we Naýypdaky soňky gaz taýýarlaýjy desgalarda birnäçe guýular bir tehnologik hatara goýberilip, ýüzlerçe tonna metal tygşytlanyldy. Netijede, tizleşdirilen usulyň (BAU) özleşdirilenligi we ony ulanmagyň esasynda halk hojalygy üçin onlarça milliard kub metr tebigy gazyň çykarylyp alnandygy mynasybetli, «Türkmengazsenagat» önümçilik birleşiginiň hünärmenleriniň bir toparyna 1972-nji ýylda Türkmenistanyň ylym we tehnika babatynda Döwlet baýragynyň laureaty diýlen at berildi.

Oraznazar HEŞDEKOW,
«Nebit-gaz».