«Turkish Airlines» gatnaw çalyşmasy bolan uzak wagtlyk uçuşlarda oňaýly dynç alşy üpjün edýär

31 Maý 2024
832

«Turkish Airlines» awiakompaniýasy ýolagçylaryna gatnaw çalyşmasy bolan uçuşlarda howa menzilinde garaşýan wagtlarynyň belli bir çäkden geçen ýagdaýynda, myhmanhanada tölegsiz bolmak we naharlanmak, şeýle hem Stambul şäherine gezelenç etmek mümkinçiliklerini hödürleýär.

Ekonom klassda uçýan ýolagçylaryň garaşmaly wagtynyň belli bir sebäbe görä 12 sagatdan, işewürlik klassynda uçýan ýolagçylaryň wagty bolsa 9 sagatdan geçen ýagdaýynda, myhmanhana we naharlanmak hyzmatyndan tölegsiz peýdalanyp bilerler.