Taryha şan beren kitap

30 Maý 2024
1086

Hormatly Prezidentimiziň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynda gadymy Änew şäheriniň binagärlik medeniýeti, çeperçilik däpleri barada örän täsirli söhbet edilýär. Änew medeniýeti irki eneolit döwründen giçki orta asyrlara çenli dowam edipdir. Bu medeniýet dürli döwürlerde birnäçe alymlar tarapyndan öwrenilipdir. Hormatly Prezidentimiz öz kitabynda: «Bu mekanyň gadymylyk alamaty, onuň ady babatda alnanda, oýlandyrýar. Ýöne käbir alymlaryň şumerleriň iň uly taňrysy bolan asman taňrysyny «Anu» diýip atlandyrandyklary, «Änew» diýen adyň hem şundan gelip çykandygy hakyndaky pikirleri hem ünsi özüne çekýär» diýip belleýär.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz kitapda 1904-nji ýylda ABŞ-nyň Karnegi institutynyň professory Rafael Pampelliniň Änew depelerini öwrenmek maksady bilen toplumlaýyn ekspedisiýany gurandygy barada belläp geçýär. R.Pampelli kömekçileri E.Hantington we öz ogly bilen bilelikde, Waşington şäheriniň Karnegi institutynyň maliýe taýdan goldaw bermeginde Türkmenistan bilen tanyşlyk ekspedisiýasyny amala aşyrypdyr. Dolanyp barandan soň, institutyň ýolbaşçylarynyň öňünde hasabat bilen çykyş edipdir. Şonuň netijesinde hem ekspedisiýa geçirmäge goşmaça serişdeler goýberilipdir.

Meretgeldi ÇARYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň direktory.