Hususy pudak: rowaç ýollar, oňyn netijeler

29 Maý 2024
1168

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmek, azyk bolçulygyny döretmek, senagat kärhanalaryny, häzirki zaman söwda merkezlerini, döwrebap obalary gurmak boýunça öňde goýlan wezipeleri amala aşyrmakda hususy pudaga uly orun degişlidir. Şu ýyl Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmegine 16 ýyl boldy. Geçen döwrüň dowamynda ýurdumyzyň telekeçileri ösüş ýolunda diňe ynamly we üstünlikli hereket etmek bilen çäklenmän, eýsem, innowasion usullary özleşdirmek boýunça-da baý tejribe topladylar. Häzir täze tehnologiýalar önümçilige işjeň ornaşdyrylýar. Täze iş orunlaryny döretmekde hem hususy pudagyň paýy uludyr.

Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmakda türkmen telekeçileriniň alyp barýan işleri aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Işewürler senagat harytlaryny öndürmekde-de yhlaslylyk görkezýärler. Mysal üçin, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça geçen ýylda oba hojalyk hem-de azyk önümleriniň ösüş depgini 111,7 göterime, senagat önümçiliginiň ösüş depgini 106,7 göterime barabar boldy. Munuň özi milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagynda işewürleriň uly goşandynyň bardygyny alamatlandyrýar. Birleşmäniň agzalarynyň sany ýylsaýyn köpelýär. Häzirki wagtda onuň agzalarynyň 29 müňe golaýy halk hojalygynyň dürli pudaklarynda iş alyp barýar.

Akmyrat NURALYÝEW.
«Türkmenistan».