Halkymyzda haly sungaty bilen bagly «Haly düşek törde ýagşy», «Ýigide maly döwlet getirer, gelin-gyza—haly», «Dokmaly öý—dok öý», «Öý bezegi haly, gyz bezegi näzi» diýen ýaly onlarça pähimler bar. Gahryman Arkadagymyzyň «Janly rowaýat», «Arşyň nepisligi» atly ajaýyp eserlerinde bolsa, bu gadymy we müdimi sungatyň döreýiş taryhy, dokalyş aýratynlygy, nusgalary, gölleri, reňkleri barada gymmatly maglumatlar aýdylýar.